Türkmen Lideri lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri iberendigi üçin Türkiýäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi

  • 01.08.2020 05:11
  • 32k+

31-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä deglip geçildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde doly goldaýandygyny nygtap, anyk netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary işläp taýýarlamakda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Rejep Taýyp Ärdogana döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi we şahsy goşandy, şeýle hem ýurdumyza iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys.

düýn 01:02
3.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

25.05.2026 15:17
5.3k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

24.05.2026 20:39
9.5k+

Şekeriň bahasynyň dünýä boýunça peselmegi bir ýurduň gant şugundyry pudagyny doly weýran etdi

Dünýä bazarynda şekeriň bahasynyň yzygiderli peselmegi we önümçilik çykdajylarynyň gymmatlamagy sebäpli, Çilide gant şugundyryny öndürmek tas 73 ýyldan soň bütinleý bes edilýär. Bu barada Reuters habar berdi....

24.05.2026 10:33
2.4k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......