ABŞ-nyň iň baý kompaniýalary Kongresde hasabat bilen çykyş ederler

  • 29.07.2020 22:45
  • 4.5k+

Dünýäniň iň baý adamy we Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos ABŞ-nyň hökümetinden özüni we kompaniýasyny düýpli barlagdan geçirmegi sorady. Bezosyň ýüzlenmesi korporasiýanyň saýtynda neşir edildi. Onuň netijesi boýunça telekeçi ABŞ-nyň Kongresiniň wekilçilikli Palatasynyň hukuk geňeşiniň monopoliýa garşy syýasat boýunça goşmaça komitetinde çykyş etmegi meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru habar berýär.

“Men Amazon kompaniýasyny düýpli barlamaly diýip hasaplaýaryn. Goý, ol kompaniýa, edara ýa-da hökümeti däl gurama bolsun, ähli iri institutlar babatda düýpli barlag işlerini geçirmek gerek. Biziň borjumyz has gowy netijeleri görkezmekden ybarat” – diýip, Bezos belleýär.
Ol kompaniýasynyň soňky on ýylyň içinde ABŞ-da 270 milliard dollar maýa goýandygyny hem belledi. Amazon kompaniýasyna 25 trillion dollar möçberde bahalandyrylýan dünýäniň ownuk söwda bazarynyň 1-den hem az göterimi, ABŞ-da ownuk söwdanyň 4-den hem az göterimi degişli. Amazon-yň dükanlarynda tutuş dünýäden kiçi we orta biznesleriň 1,7 million kärhanasynyň önümleri hödürlenilýär. Bezos “dünýä uly kompaniýalaryň gerekdigine” ynanýar.
Dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy 20-nji iýulda bir günüň içinde 13 milliard dollar ýokarlandy. Bezosyň baýlygy 178 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.
Belläp geçsek, görkezilen mejlisde Facebook, Apple we Google kompaniýalarynyň hem ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňleniler. Mejlis bu korporasiýalaryň bazarda agdyklyk edýän ýagdaýyna bagyşlanylar. 
“Apple biziň işewürlik alyp barýan bazarlarymyzyň haýsydyr birinde artyk paýa eýe däl. Bu diňe bir iPhone smartfonlaryna degişli däl, bu tassyklama biziň önümlerimiziň islendik kategoriýasy üçin dogrudyr” – diýlip, Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kukuň beýannamasynda aýdylýar.
Öz gezeginde, Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg özüniň kompaniýasynyň “dünýäni üýtgeden senagatyň bir bölegidigini” bellemekçi bolýar. Google kompaniýasynyň müdiri Sundar Piçai diňlenmede “dünýäde amerikan tehnologik önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we alyjylaryň goragy üçin kanun çykaryjylar bilen hyzmatdaşlyga” taýýardygyny habar bermegi meýilleşdirýär.

düýn 17:58
1.8k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...

12.03.2026 15:40
1.3k+

Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär...

12.03.2026 07:31
7.4k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

11.03.2026 15:08
3.2k+

Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady...