Alymlar koronawirus ýokanjynda ölüm howpuny 12 esse ýokarlandyrýan keseli atlandyrdylar

  • 28.07.2020 16:01
  • 19k+

San-Fransiskoda Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary koronawirus ýokanjynda ölüm howpuny 12 esse ýokarlandyrýan keseli atlandyrdylar. Bu barada MedicalXpress portalyna salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.

Geçirilen giň göwrümli tejribä laýyklykda, COVID-19 bilen kesellän süýji keselli syrkawlar hassahana ýerleşdirilmäge alty esse köp mätäç bolýarlar we şeýle adamlar ölüm howpuna 12 esse çalt sezewar bolýarlar. Şeýle-de, bu kesel koronawirus ýokanjynyň agyr geçmegine getirýär. Süýji keseli koronawirus ýagdaýynda döredýän kynçylygynyň agyrlygy boýunça ýürek-damar kesellerinden soň ikinji orunda ýerleşýär.
Kaliforniýa uniwersitetiniň lukmançylyk professory Prakaş Didwanýa süýji keseliniň döredýän iň uly kynçylygynyň organizmiň immun gorag funksiýasyny peseldýänligindedigini ýatlap geçdi. Mundan başga-da, kesel insulta, miokard infarktyna, el-aýagyň innerwasiýasynyň, böwregiň işiniň we görejiň bozulmagyna getirip bilýär.
Barlag işini alyp baryjylar süýji keselli adamlara fiziki işjeňligi (hepdede 150 minuta çenli) ýokarlandyrmagy, doly derejede ukyny almagy, autotrening bilen meşgullanmagy we dem alşy gözegçilikde saklamagy maslahat berýärler. Olaryň maglumatlary boýunça, süýji keselli adamlara aýratynam, beýleki raýatlar bilen gatnaşyk edilende ähli howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek hökmandyr.

Öň, Beýik Britaniýada Oksford uniwersitetiniň alymlary semizligi, süýji keselini, agyr demgysmany we beýleki respirator kesellerini, şeýle-de ýüregiň, bagryň hroniki kesellerini, newrologik we autoimmun kesellerini koronawirus ýagdaýynda howply şertler diýip hasapladylar.

düýn 16:48
2.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.5k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.5k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....