Döwletjan Ýagşymyradow ACA-nyň sanawynyň birinji ornunda

  • 27.07.2020 18:55
  • 38k+

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow garyşyk söweş sungat bolan ACA-nyň ýeňil agramdaky türgenleriniň sanawynda birinji orny eýelýär. Bu barada Turkmenportal guramanyň resmi saýtyna salgylanyp habar berdi.

Ýatladyp geçsek, 31 ýaşly ildeşimiz ACA-nyň häzirki çempiony. Sanawda ikinji orny russiýaly Muslim Magomedow, üçünji orny onuň watandaşy Alekseý Butorin eýeleýär.
ACA (Absolute Championship Ahmat) Ýewropada iň çalt ösýän we dünýädäki meşhurlygy has beýgelýän ýaryşlaryň biridir. Häzir onuň tutluşyklarynyň geografiýasy Russiýanyň 10 şäherinden daşary hem Beýik Britaniýa, Polşa, Gruziýa we Täjigistana çenli baryp ýetdi.
ACA-nyň iň soňky tutluşygy şu ýylyň 24-nji iýulynda geçirildi we onda Magomed Ismailow watandaşy Aleksandr Ýemelýanenkony tehniki nakaut bilen ýeňdi.
ACA 108 tutluşygyny 8-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär.

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....