«Emirates Airlines» 29 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly ýolagçylar üçin düzgünleri täzeleýär

  • 27.07.2020 17:48
  • 36k+

«Emirates Airlines» awiakompaniýasy Dubaýyň halkara howa menzillerine gelensoň, syýahatçylary koronawirus üçin PCR synagyndan geçmeli ýurtlaryň sanawyny yglan etdi. Täze düzgünler 2020-nji ýylyň 1-nji awgustynda güýje girer.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, sanawa 29 ýurt, şol sanda Türkmenistan, şeýle-de: Owganystan, Ermenistan, Braziliýa, Bangladeş, Jibuti, Müsür, Eritreýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Liwan, Çernogoriýa, Nigeriýa, Pakistan, Filippinler, Russiýa Federasiýasy, Serbiýa, Somali, Günorta Afrika, Şri-Lanka, Sudan, Täjigistan, Tanzaniýa, Özbegistan, ABŞ girizildi.

“Emirates” awiakompaniýasynyň we “Dubaý howa menzilleri” kompaniýasynyň täze düzgünlerine laýyklykda, gelýän ýolagçylar Dubaý halkara howa menzilinde ýa-da Al Maktum howa menzilinde hökmany synagdan geçerler. Bu düzgün Dubaýa gaýdyp gelýän ýaşaýjylara we BAE raýatlaryna hem degişlidir.
“2020-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýurda gaýdyp gelýän raýatlar we ýaşaýjylar diňe sanawda görkezilen ýurtlardan gelen halatynda koronawirus barlagyndan geçmeli” – diýip, “Emirates”-de aýdylýar.
BAE-niň şahsyýet we raýatlyk federal gullugynyň ozal habar bermegine görä, ýurda gelýän tranzit ýolagçylaryny hem hasaba almak bilen, ähli ýolagçylar gidýän howa menzilinde koronawirus barlagyndan netijelerini görkezmeli. Bu ýagdaýda synag netijeleri 96 sagat hereket edýär. 12 ýaşa çenli çagalar we maýyplar synagdan boşadyldy. Elinde degişli şahadatnamasy (çap edilen nusgasy) bolmadyk ýolagçylara Dubaýa gidýän gatnawlara münmäge rugsat berilmejekdigi bellenilýär.
“Etihad Airways” diňe federal hökümet tarapyndan ykrar edilen “Pure Health” ulgamynyň barlaghanalarynda geçirilen synaglaryň netijelerini kabul eder. Şol bir wagtyň özünde, “Emirates” uçýan ýurdunyň hökümeti tarapyndan tassyklanan barlaghananyň synag netijeleri bolan ýolagçylara rugsat berer.
Mundan öň "Emirates Airlines" awiakompaniýasy ýolagçylarynyň COVID-19 bilen baglanyşykly medisina çykdajylaryny, şeýle hem BAE-de we dünýäniň beýleki ýurtlaryna “Emirates”-iň bortunda syýahat etseler, karantin çykdajylaryny ýapmaga taýýardygyny mälim edipdi. Dubaýa gelýän ähli ýolagçylar “Saglyk ýagdaýy hakynda jarnamasyny” doldurmaly we özüni duýşy barada habar bermeli. Jarnamanyň blankasy ähli ýolagçylara uçuş wagtynda berler. Gonuşdan soň, her kim bedeniň temperaturasyny ölçemek prosedurasyndan geçer we Covid-19 DXB mobil programmasyny göçürip almaly bolar.

Öň, «Emirates Airlines» awiakompaniýasynyň Tährana gatnawlary gaýtadan dikeldendigi barada habar beripdik.

düýn 16:06
3k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.2k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....