«Emirates Airlines» awiakompaniýasy Tährana gatnawlary gaýtadan dikeltdi

  • 20.07.2020 18:27
  • 11k+

Ymam Homeýni howa menziliniň dolandyryş boýunça wise-prezidenti Muhammet-Reza Karimiýan “Emirates”-iň (BAE) alty aýlyk arakesmeden soň Tährana gatnawlary gaýtadan dikeldendigini mälim etdi. Bu barada ORIENT habar berýär.

"Bütin dünýäde COVID-19 wirusynyň ýaýramagy we syýahat isleginiň azalmagy dünýädäki köp sanly awiakompaniýany işini çäklendirmäge ýa-da togtatmaga mejbur etdi" – diýip, Karimiýan belleýär.
Karimiýan: "Lukmançylyk protokollaryna gyşarnyksyz eýermek we koronawirusa gözegçilik mümkinçilikleriniň gowulaşmagy awiakompaniýalara ýuwaş-ýuwaşdan kadaly işe gaýdyp gelmäge şert döretdi we biz ýene-de uçuşlaryň sanynyň köpelendigini görýäris. Şunuň bilen baglylykda, “Emirates” awiakompaniýasy Ymam Homeýni howa menzilinde uçuşlary täzeden başlamak meýlini mälim etdi we alty aý töweregi arakesmeden soň bu awiakompaniýanyň ilkinji gatnawy Tährana gondy" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, "Emirates Airlines" Dubaýda ýerleşýän dünýäniň iň uly awiakompaniýalarynyň biridir. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylygyny we infrastrukturasyny ösdürmek üçin Dubaý Emirliginiň ýokary ýolbaşçylygy tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Ol "The Emirates Group"-yň düzüm bölegi bolmak bilen, Ýakyn Gündogardaky alty yklymyň 80 ýurdunda 150-den gowrak ugur boýunça hepdede 3600-den gowrak gatnawy amala aşyrýan iň uly awiakompaniýadyr.

düýn 21:03
2k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

düýn 20:58
1.4k+

Dünýäniň onlarça awtobrendi Melburn awtosalony – 2026 üçin öz täze modellerini taýýarlaýar

2026-njy ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda Melburnda (Awstraliýa) abraýly awtosalon geçiriler. Şäheriň Halkara sergi merkeziniň meýdançasynda ýigrimä golaý awtomobil brendi we awtomobillere hyzmat ediş......

düýn 18:00
3.4k+

iPhone üçin dünýäde ilkinji selfi ekranly daşlyk çykaryldy

Dockcase kompaniýasy iPhone telefonlary üçin niýetlenen, özüne berkidilen ekranly we 2 TB çenli ýat karty bilen üpjün edilen Selfix daşlygyny (çeholy) tanyşdyrdy. Bu enjam iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine......

düýn 17:52
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026)......