«Ýuwentus» bassyr dokuzynjy gezek Italiýanyň çempiony boldy

  • 27.07.2020 17:25
  • 6.7k+

«Ýuwentus» 2019/20 möwsümde futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Turin kluby çempionat gutarmazyndan iki tapgyr öň, ýekşenbe güni öz meýdançasynda 2:0 hasaby bilen «Sampdoriýany» ýeňip, özüne çempionlygyny kepillendiripdi. Çempion duşuşygynda gollary Kriştianu Ronaldu bilen Federiko Bernardeski öz adyna ýazdy.

Turin kluby 36 tapgyryň jemi boýunça 83 utuk gazandy we ikinji orunda gelýän «Intere» (76 utuk) yzyndan ýetmäge mümkinçilik bermedi.
«Ýuwentus» bu tituly bassyr dokuzynjy ýyl we komandanyň taryhynda 36-njy gezek gazandy. Italýan klubynda baýragy iň köp alan klub Seriýa A-dan başga, Italiýanyň Kubogynda (13) we Superkubogynda (8) hem ýeňşiniň sanyny rekord derejä ýetirdi. Mundan başga-da, «Ýuwentus» 2004/05 we 2005/06 möwsümlerinde korrupsiýa dawasyndan soň çempion titulyndan mahrum edildi. Şu möwsümde Italiýanyň Kubogynyň finalynda «Ýuwentus» oýundan soňky jerime urgusynda «Napoliden» ýeňildi.
Halkara arenasynda klub iki gezek Çempionlar ligasynyň, üç gezek UEFA-nyň Kubogynyň ýeňijisi boldy, UEFA-nyň Superkubogyny we Kontinentara kubogy iki gezek, Kubogyň eýeleriniň kubogyny we Intertoto kubogyny bir gezek utdy.
Bu ýylda «Ýuwentus» Maurisio Sarriniň ýolbaşçylygynda titula ýetdi, Sarri üçin bu möwsüm toparyň ýolbaşçysy wezipesinde birinji möwsüm boldy. 61 ýaşly hünärmen «skudettony» eýelän iň uly ýaşly tälimçi boldy. Ýöne onuň ýolbaşçylygynda toparyň oýny köplenç tankyt astyna düşýärdi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli arakesmeden soň klub çempionatda alty gezek ýeňiş gazandy, iki gezek deňe-deň oýnady we bir gezek myhmançylykda «Milandan» ýeňildi (2:4).
Toparyň goragçysy Leonardo Bonuççi çempionlygy soňky ýylyň içindäki iň agyr çempionlyk diýip atlandyrdy. Çempionatda iň gowy bombardir 31 gol bilen Kriştianu Ronaldu hasaplanylýar, ýöne Seriýa A-nyň golçylar sanawynda ol «Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobileniň (35 gol) yzyndan ikinji setirde gelýär.

şu gün 10:31
1.6k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

şu gün 10:02
633

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

şu gün 10:00
1.3k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2.8k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......