Türkmenistanda ÝOM-lara giriş synaglary dowam edýär

  • 27.07.2020 17:10
  • 24k+

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary Ahal welaýatynda guramaçylykly dowam edýär. Häzirki wagtda giriş synaglary Ak bugdaý we Gökdepe etraplaryndaky bilim ojaklarynda geçirilýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, käbir ýokary okuw mekdepleri boýunça synaglar üstünlikli tamamlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny agzamak bolar. Agzalan ýokary okuw mekdepleri boýunça giriş synaglary 22 — 25-nji iýulda degişlilikde, Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 28-nji, 16-njy, 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde ady agzalan mekdebe kabul etmek işi 26-njy iýulda tamamlandy.

Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine, şol etrapdaky 16-njy orta mekdepde I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa kabul etmek hünäre boýunça synaglar dowam edýär. Ýaşlaryň bilime, ylma we hünäre bolan çuň¬ňur höwesi bu synaglarda has äşgär duýulýar. Munuň özi ýaşlaryň zehinliden-zehinlisine okuwyny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna giriş synaglary 31-nji iýulda başlap, 3-nji awgustda tamamlanar. Bu giriş synaglary Ak bugdaý etrabyndaky 27-nji, 1-nji, 16-njy, 28-nji orta mekdeplerde, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçiriler. Ýeri gelende welaýatda agzalan ýokary okuw mekdeplerine girmäge dalaş edýän ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyran ýaşlar 4 — 7-nji awgust aralygynda giriş synaglaryny tabşyrar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmäge isleg bildiren ýaşlardan giriş synaglary 13 — 16-njy awgustda kabul ediler.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasy boýunça giriş synaglary 19-njy awgustda geçiriler. Medeniýet ugurlary boýunça bilim berýän orta hünär okuw mekdeplerine, ýagny, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary 3 — 5-nji awgustda geçiriler. Bu giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri ähli gerekli esbaplar we serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Belläp geçsek, 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Ahal welaýaty boýunça ýaşlaryň 9278-si ak mekdepler bilen hoşlaşdy.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek üçin synag tabşyrýan dalaşgärlere täze düzgünler girizildi, ýagny dalaşgärler şahsy gorag serişdelerini ulanmaly we sosial aradaşlygy berjaý etmeli.

21.05.2026 17:50
2.2k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.7k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

18.05.2026 21:31
5.8k+

Çagalar bagynyň terbiýeçisi 200 pingwine hossar çykdy

Çagalar bagynyň öňki terbiýeçisi Sesiliýa Duran Gafo patyşalyk pingwinleriniň dünýäde materikde ýerleşýän ýeke-täk koloniýasynyň hossaryna öwrüldi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär....

15.05.2026 07:27
2.8k+

Gazagystanyň mekdeplerinde emeli aň ornaşdyrylyp başlanar

Gazagystanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny orta bilim ulgamyna ornaşdyrmak baradaky Permana gol çekdi. Resminama mekdeplerde emeli aňy tapgyrlaýyn ulanmagy we okatmagyň täze usullaryny işläp......