Türkmen Lideri BAE-niň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 25.07.2020 23:42
  • 9.3k+

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu howpa garşy göreşiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

düýn 16:30
573

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......