Türkmenistan we Bahreýn täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar

  • 25.07.2020 23:27
  • 15k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Onuň dowamynda taraplar özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde we söwda-ykdysady pudagynda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutany we Bahreýniň Patyşasy sebitleýin we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geografiki taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyz howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň tarapdary bolup durýar.
Hoşlaşanlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamad Bin Isa Al Halifa birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......