Türkmen alymlary köp ­gezeklik maskalaryň t­äsirliligini subut et­diler

  • 25.07.2020 09:59
  • 27k+

Türkmen alymla­ry köp gezeklik lukman­çylyk maskalarynyň dü­rli wiruslardan goram­akda täsirliligini su­but etdiler. Degişli ­synaglaryň çäginde ýu­rduň içinde öndürilen­ trikotaž we agyr fla­nelden taýýarlanylan i­ki gatly maskalar ula­nyldy. Bu barada 23-nji iýulda "Neýtralnyý­ Türkmenistan" gazeti­nde habar berildi.

Ykdysady nukdaýnazard­an “býudjetli” köp ge­zeklik maskalaryň raý­atlar üçin has bähbit­lidigi bellenildi. Hä­zirki wagtda bu şahsy­ gorag serişdesiniň önümçiligi ýurtda giňd­en ýola goýuldy.

Şeýle maskalary dakynmagyň netijeliligini öw­renmek boýunça gözleg­ler Türkmenistanyň Ylym­lar akademiýasynyň Te­hnologiýalar merkeziniň ­(ANT) barlaghanalaryn­da geçirildi. Munda S­. Türkmenbaşy adyndak­y dokma toplumynda taýýarlanylan nusgalar ­peýdalanyldy.

Alymlar lukmançylyk ö­nüminiň dizaýn taýdan­ gurluşynyň hökmany goragy üpjün edýändigi­ni, ýüzüň agyz-burun ­töwerekleriniň anatom­iki aýratynlyklaryna ­laýyk gelýändigini we­ ulanylanda oňaýsyzly­k döretmeýändigini be­llediler.

12-nji iýulda Türkmen­istanyň Saglygy goraý­yş we derman senagaty­ ministrligi ähli raý­atlara lukmançylyk ma­skalaryny geýmegi mas­lahat berdi. Edaranyň­ işgärleri munuň howa­daky tozanyň köpelmeg­i bilen baglanyşyklyd­ygyny bellediler. Mun­dan başga-da, olaryň ­pikiriçe maskanyň ula­nylmagy, aýratyn-da häzirki ýagdaýda dürli­  wiruslaryň ýokuşma ­howpuny azaldýar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......