Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri koronawirusyň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak barada maslahatlaşdylar

  • 24.07.2020 23:11
  • 32k+

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Telefon gürrüňdeşliginiň çäklerinde taraplar halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän häzirki döwrüň ählumumy meselesine — täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy baradaky gürrüňe geçip, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk—karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler.

Aral bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berildi, bu deňziň guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitinde hem-de onuň çäklerinden alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edip biljekdigini belledi. Şawkat Mirziýoýew bu pikiri goldap, Özbegistanda geçirilýän çäreler, şol sanda Aral deňziniň guran düýbünde sazaklaryň ekilýändigi barada gürrüň berdi.
Türkmenistan hem maksada gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyrýar. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda işjeň çäreler geçirilýär, bu ýerde ýörite tokaý goraýyş zolagy döredildi, ol Aral tarapdan öwüsýän tozanly ýeller üçin özboluşly süzgüç bolup hyzmat edýär.

düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......