BSGG-niň wekilleri doktor Maýk Raýan we doktor Mariýa Wan Kerhow köp sanly sosial media platformalarynda sosial torlaryň ulanyjylarynyň beren soraglaryna göni ýaýlymda jogap berdiler. Ýazylan soraglaryň we jogaplaryň birnäçesini mysal getirmek bilen, bu barada BMG-niň metbugat merkezi habar berdi. Olary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Pandemiýany nädip duruzmaly?
Adamlaryň jebisleşen ýerinde, hökümetiň näme etmelidigine aýdyň düşünýän we ähli zerur çäreleri görýän ýerinde COVID-19 bilen göreşip bolýar. Maýk Raýan: «Hemmeler gaty ýadady, hemme-de halys boldy, her kimiň adaty durmuşa dolanasy gelýär. Galyberse-de, biz hem şeýle» – diýdi. – Gynansagam, krizis döwründe nädip ýaşamalydygymyzy häzirlikçe wirus höküm edýär. Ýöne biz öz geljegimize özümiz gözegçilik etmeli we bu diňe wirusy ýeňenimizden soň mümkin bolar».
Mariýa Wan Kerhow her bir adamyň öz borjuny ýerine ýetirmelidigini we munuň çylşyrymly bir zat talap etmeýändigini aýdýar: elleriňizi ýygy-ýygydan, gowy edip ýuwmaly, «dem alyş düzgünleri» diýilýän zada eýermeli – ýagny ýüzüňizi tirsegiňiziň egremine tutup asgyrmaly we üsgürmeli, zerur bolsa fiziki aralygy saklamaly – mysal üçin ýapyk otaglarda ýa-da uzaklygy saklamagyň mümkinçiligi bolmadyk ýerlerde maska geýmeli, karantin girizilende öýden çykmaly däl, keseliň alamatlary ýüze çykanda lukmana ýüz tutmaly ýa-da degişli belgä jaň etmeli. Doktor Wan Kerhow: «Iň soňkusy, ýöne iň möhümi – maglumatlardan habarly boluň» – diýdi. – Aýratyn-da, wirusyň nirelere ýetendigini anyk bilmek möhümdir. Ösüşde bolmak, bu hemişe üýtgäp durýan zat, şonuň üçin soňky ýagdaýlardan habarly bolup durmaly, täze maglumatlary almaly. Şonda dogry çözgüt kabul edip bileris, muny bolsa biz her gün etmeli bolýarys – özümizi goramaly we ýakynlarymyza ýokuşdyrmaly däl».
Mekdepleri açmak nä derejede ygtybarly?
«Mekdep jemgyýetimiziň kiçijek bir öýjügi (mikrokosmy) we ol ýerde şol jemgyýetiň agzalary bar. Eger wirus tutuş jemgyýetde ýaýrasa, mekdeplerde-de ýaýrar». Bagtymyza, çagalar COVID-19-dan gaty seýrek ejir çekýärler we käwagt olarda keseliň alamatlary umuman ýüze çykybam barmaýar. Ýöne bu hem howply – muny bilmezden, başgalara – koronawirusa durnuksyzlara ýa-da öýüne getirip, ýakynlaryna ýokuşdyryp biler. Ýeri gelende bellesek, beýle ýagdaý eýýäm bolup geçdi – mysal üçin poliomelitli wakada wirus ýokuşan, ýöne simptomlary bolmadyk çagalar immuniteti pes bolan beýleki adamlara ýokuşdyrypdy we bu ysmazlyga sebäp bolupdy» – diýip, Doktor Raýan belledi.
«Çagalary mekdebe gaýtaryp getirmek üçin elimizden gelenini etmeli we wirusyň ýokuşmasyny togtatmaly» –diýip, Maýk Raýan sözüniň üstüni ýetirdi. Bilşiňiz ýaly, soňky döwürde, esasanam, çäklendirmeler ýatyrylyp başlanan ýerlerde köplenç özlerine aşa göwni ýetýän we adaty durmuş ýolundan ýüz öwürmäge taýyn däl ýaşlaryň arasynda COVID-19 ýokuşmalarynyň sany köpeldi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ýaşlary pidanyň keşbinden ýüz öwürmäge we pandemiýa garşy göreşde öňdebaryjy rol oýnamaga çagyrdylar: «Bu siziň geljegiňiz, bu siziň planetaňyz, şu jemgyýetde siz ýaşamaly we onuň nähili boljagynam, öz durmuşyňyzyň nähili boljagynam özüňiz çözmeli».
Näme üçin maska geýmeli? Bu juda oňaýsyz.
Hawa, oňaýsyz. Bu BSGG-niň öz işgärleri üçin hem şeýle (12-16 sagatlap maska geýýän lukmanlary hasaba almanyňda-da). Mariýa Wan Kerhow we Maýk Raýan başgalara ýokuşma töwekgelçiligi bolan ýagdaýlarda maskalaryň zerurdygyny düşündirýärler. Meselem, içerde we hatda açyk howada azyndan 1–1,5 metr fiziki aralygy saklamak mümkin bolmadyk ýagdaýda. Olar ozal hem öwrenişilmedik we oňaýsyz ýaly görnen köp zadyň durmuşymyza girendigini, mysal üçin awtoulaglarda howpsuzlyk kemerlerini, köpçülik ýerlerinde çilim çekmegi ýa-da çagalar üçin oturgyçlary ýatlap geçdiler.
Mariýa Wan Kerhow hem, Maýk Raýan hem adamyň islendik ýagdaýa uýgunlaşyp bilmek ukyby hakda durup geçdiler. Raýan, her gün işe awtobusda, elbetde, maska geýip gatnaýandygyny aýtdy. Ol muny eýýäm her gün dişleri ýuwmak ýaly endige öwürdi: «Awtobusa münenimde, tutawaçlary tutjakdygymy, dürli üstlere galtaşjakdygymy bilýärin. Şonuň üçin oturgyçda oturanymda, telefonymy almazdan ýa-da gulaklyk dakmazdan ozal, antiseptik bilen ellerimi sürtýärin. Bu eýýäm endige öwrüldi, indi men muny biygtyýar edýärin».
Emma wirusa garşy sanjym ýakyn wagtda peýda bolarmy?
Hakykatdanam, birnäçe çynlakaý «dalaşgärler» peýda boldy – diýip, BSGG-niň wekilleri tassykladylar. Iň geljegi uly netijeler Oksfordda işlenip düzülen sanjymyň synaglaryna degişli. Ýöne başga-da birnäçe adam synaglaryň birinji we ikinji tapgyryny geçdi we Maýkl Raýanyň düşündirişi ýaly, adatça, kliniki synaglaryň barşynda wagtynda köp sanly dalaşgär barlanýar. Ýöne COVID-19-a garşy sanjymyň barlaglarynda entek beýle bolanok. Bar bolan dermanlaryň birnäçesiniň synaglary gowy netijeleri berýär. Emma, Raýan ýagdaýa çynlakaý baha bermelidigini nygtaýar. Her kim sanjymyň gysga wagtda elýeterli bolmagyny isleýär, ýöne has möhümi, onuň täsirli we howpsuz bolmagy. Gitjek ýeriň ýok – munuň üçin wagt gerek. Mundan başga-da, millionlarça adamyň janyny halas edýän eýýäm bar bolan sanjymlar 100% kepillendirilmeýär. Täze sanjym meselesinde, onuň näderejede täsirli boljakdygyny we bedeni ýokançlykdan gorap biljekdigini entek biz bilemzok.
Doktor Raýan sanjymlaryň we dermanlaryň ösüşiniň görlüp-eşidilmedik depginde ösýändigine ynandyrdy, ýöne biz wirusa garşy göreşmek üçin elimizden gelenini edýänçäk, diňe olara bil baglap bilmeris. «Garşydaşyňy ýadadyp bilseň, ony ýeňmek has aňsat bolýar» – diýip, Maýk Raýan bir küştçiniň sözüni getirdi. – Şonuň üçin wirusy ýok etmeli».