Türkmenistanda bank kartlarynyň sany 8% artdy

  • 23.07.2020 02:00
  • 21k+

Türkmenistanda bank kartlarynyň sany 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda 8% artdy. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurtda işjeň bank kartlarynyň mukdary 3,9 milliondan gowrakdy. Şondan ýarym ýyl soň, ýagny 1-nji iýulda bu görkeziji 4,3 milliona ýetdi. Soňky alty aýyň dowamynda ýüz tutmalaryň esasy bölegi fewral aýynda hasaba alyndy. Bu aýda işjeň kartlaryň sany 80,935 köpeldi. Bu barada Arzuw News habar berýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, takmynan 1,6 million karty bilen bank kartlarynyň sanawynda birinji orunda durýar. Sanawda ikinji orny 809,139 işjeň bank karty bilen "Türkmenistan" döwlet täjirçilik banky eýeleýär.

Iň köp bank karty 1,6 milliondan gowrak müşderisi bolan Aşgabatda hasaba alyndy. Bu kartlaryň 38% -i Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişlidir. Paýtagtdan soň 745 823 karty bilen Mary welaýaty gelýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda kart eýelerine hödürlenýän hyzmatlaryň sanawynda esasy täzelik, çykdajylaryň 0,5-3%-i aralygynda puly yzyna gaýtaryp bermek (keşbek) boldy. Keşbek müşderiniň kartoçkasyna, bank geçirmesi bilen sarp edilen mukdara baglylykda her aýda geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, «Halkbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary bu hyzmaty ýanwar aýynda ýola goýdular. «Daýhanbank» bolsa bu hyzmatyň iýul aýynyň başynda işjeňleşdirilendigini habar berdi.

Türkmenistanda bank kartlarynyň sany soňky dört ýarym ýylda dört esse artdy. 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli dolanyşykda 1 milliondan gowrak bank kartoçkasy bardy.

şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1.2k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.3k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......