Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

  • 22.07.2020 01:07
  • 37k+

21-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde ösdürilip ýetişdirilýän Pälwan atly edermen alabaý bilen säher bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi.

Belläp geçsek, türkmen halkyna mahsus bolan köpasyrlyk milli ýörelgelere laýyklykda, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde olaryň gezim etdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi alabaý itleriniň öz eýesine bolan wepasyny artdyrýar.
Bilelikde gezelenç etmegi hem öz içine alýan toplumlaýyn esasda geçirilýän işler netijesinde dünýäde gaýduwsyz, edermen, şol bir wagtyň özünde wepaly, goýun sürülerini we emlägi goramaga ukyply itler hökmünde dünýäde ykrar edilen alabaý kemala geldi.
Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, aýratyn-da, serhet gullugynda alabaý itleriniň ulanylmagy, olaryň emlägi bolşy ýaly, serhedi goramakda, yz çalmakda aýratyn ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

düýn 18:02
2.6k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 16:29
2.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

düýn 16:23
1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......