Oksfordyň koronawirusa garşy sanjymynyň synaglary üstünlikli diýlip tassyklanyldy

  • 21.07.2020 17:08
  • 25k+

Oksford uniwersiteti beýannama bilen çykyş etdi, onda AstraZeneca kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda olar tarapyndan taýýarlanylýan ChAdOx1 atly sanjymyň synagyň birinji tapgyryndan üstünlikli geçendigi aýdylýar, bu barada BBC habar berýär. 1077 adamyň gatnaşmagynda geçirilen kliniki synaglaryň dowamynda sanjymyň organizmde koronawirusa garşy antibedenjikleriň döremegini işjeňleşdirýändigi tassyklanyldy diýlip, beýannamada aýdylýar.

ChAdOx1 nCoV-19 atly sanjym ýokary tizlik bilen taýýarlanylýar. Onuň esasy – şimpanzede adaty sowuklamany oýaryjynyň wirusy. Ol genetiki taýdan üýtgedilen, şol sebäpli adam organizmi ony 19-nCoV wirusy diýip kabul edýär. Immun ulgamy nukdaýnazaryndan sanjym COVID-19 wirusyna meňzeş. Şonuň üçin sanjym sanjylan adamyň organizmi sanjymda saklanylýan wirusyň howp döretmeýändigine seretmezden, antibedenjikleri işläp çykaryp başlaýar.
Britan hökümeti eýýäm ýüz million doza sanjymy sargyt etdi. Oňa başga-da birnäçe ýurtlarda, şol sanda Russiýada hem gyzyklanma bildirilýär. Iki gün mundan öň “R-farm” rus kompaniýasy sanjym üstünlikli taýýarlanylan ýagdaýynda rus bazaryny we beýleki köp ýurtlary üpjün etmek üçin önümçiligiň bir bölegini özüne aljakdygyny habar berdi. Oksford sanjymyndan başga-da, Beýik Britaniýanyň hökümeti BioNtech, Pfizer we Velneva kompaniýalary tarapyndan taýýarlanylýan koronawirusa garşy tamaly sanjymlaryň 90 mln dozasyndan üpjün etmek bilen bagly şertnama baglanyşdy.
Gürrüň iki serişde barada gidýär. BioNtech bilen Pfizer birleşigi wirusyň genetiki kodunyň bölegi bilen sanjym taýýarlaýar, Velneva kompaniýasy bolsa hereketsiz ýagdaýa getirilen wirusyň esasyndaky sanjymyň üstünde işleýär.
Dürli ýörelgeler boýunça işleýän sanjymlara maýa goýmak bilen britan hökümeti üstünlige mümkinçiligini artdyrmakçy bolýar. Muňa garamazdan, koronawirusa garşy sanjymy sançmak boýunça döwlet iş toparynyň başlygy Keýt Bingem meýilnama heniz uly tama etmezlige çagyrdy.
“Hakykat biziň, belki, sanjymy hiç haçan almajakdygymyzda, eger alanymyzda-da onuň ýokanjyň öňüni alýan däl-de, alamatlaryň güýçlüligini gowşadýan sanjymyň bolmagynyň mümkinliginde” – diýip, ol belleýär.
Bingemiň aýtmagyna görä, sanjymyň biri 2020-nji ýylyň ahyryna çenli synagdan doly geçip biler, ýöne ilkinji sançma işleri 2021-nji ýyldan ir başlamaz. Şunuň bilen birlikde britan alymlary ýene bir üstünlik barada aýtdylar. Synairgen kompaniýasy onuň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan bejeriş usulynyň COVID-19-yň agyr formalarynyň güýçlenmek howpuny tas 80% peseldýändigini habar berdi, bu bejergi üçin öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlary ulanmak gerek bolýar. Ýüzlerçe meýletinçilere nebulaýzer arkaly beta-interferondan dem almak tabşyryldy.

düýn 16:38
2.1k+

Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter»......

düýn 10:49
1.7k+

Alymlar: stress dermatitli adamda ekzemanyň alamatlaryny güýçlendirýär

Alymlar stressiň deridäki çişme proseslerini işjeňleşdirmek arkaly ekzemanyň alamatlaryny nähili güýçlendirýändigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi....

30.03.2026 16:56
4.4k+

Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi....

28.03.2026 15:46
3.7k+

Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda......