Russiýanyň COVID-19-a garşy sanjymy syrkawlarda synagdan geçiriler

  • 20.07.2020 23:42
  • 15k+

N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň ylmy-barlag merkezinde döredilen hem-de meýletinçilerde barlagdan geçirilen sanjyma goşmaça synaglar gerek diýip, MFTI-niň gen inženeriýasy barlaghanasynyň ýolbaşçysy Pawel Wolçkow hasaplaýar. Diňe şu tejribelerden soň sanjymy hroniki keselli adamlara, garry adamlara we çagalara sançmak bolar. Bu barada news.ru habar berýär.

Beýleki kategoriýalara, şol sanda hroniki keselli adamlara, garrylara sanjymy sançmak üçin goşmaça barlaglar gerek. Çagalar üçin sanjymlary hemişe aýratyn seresaplylyk we ünslülik bilen taýýarlaýarlar, olar üçin hem goşmaça synaglar gerek – diýip, RIA Nowosti agentligi Wolçkowyň sözlerini getirýär.
Ol fiziki taýdan sagdyn meýletinçilerde synaglaryň geçirilen wagtynda sanjymyň ähmiýetli goşmaça täsiriniň ýüze çykarylmandygyny belledi. Ýöne serişdäniň täsirliliginiň netijesi alyndy, olar tarapyndan işlenilip çykarylýan antibedenjikleriň bitaraplaşdyryjy ukyby bahalandyryldy. Geljekki barlaglaryň dowamynda infeksiýa garşy T-öýjükli immun jogabyny goşmaça bahalandyrmak gerek bolar. Wolçkowyň aýtmagyna görä, birinji meýletinçilere birnäçe ýylyň dowamynda has dowamly goşmaça täsirleri yzarlamak üçin uzak wagtlaýyn gözegçilik gurnalar.

düýn 08:29
2.1k+

Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar....

30.04.2026 08:18
2.7k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....