Ýaponiýa kompaniýalara Hytaýdan gitmegi üçin töläp başlaýar

  • 19.07.2020 23:24
  • 11k+

Ýaponiýanyň hökümeti özleriniň önümçilik kuwwatyny Hytaýdan watanyna ýa-da Günorta-Gündogar Aziýanyň islendik başga ýurduna geçirmek kararyna gelen ýapon kompaniýalaryna 70 mlrd ýen ($654 milliondan gowrak) tölär. Bu barada ýurduň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi habar berdi. Muny kommersant.ru ýetirýär.

57,4 mlrd ýeny ($536 mln) Sharp kompaniýasyndan we ýüz üçin örtükleriň önümçiligi boýunça Iris Ohyama hususy kompaniýasyndan başlap, önümçiligini göni Ýaponiýa geçirýän 57 kompaniýa alar. Galan serişdeler Hytaýdan Günorta-Gündogar Aziýanyň Wýetnam, Laos we Mýanma ýaly başga ýurtlaryna gitmäge razy bolan ýene-de 30 kompaniýa berler. Olaryň arasynda Hoya, Sumitomo, Rubber we Shin-Etsu Chemical ýaly kompaniýalar bar. Bu pul kömeginiň anyk bahasy atlandyrylanok.
Ýapon kompaniýalarynyň Hytaýdan çykmagyna kömek etmek üçin serişdeler hut şu ýagdaý üçin aprelde ýörite aýrylyp goýlan 243,5 mlrd ýen ($2 mlrd) möçberindäki gaznadan alnar. Şonda Ýaponiýanyň hökümeti ýapon kompaniýalaryny Hytaýdan çykarmak boýunça meýilnamanyň pandemiýa şertlerinde üpjünçilik işleriniň ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin we milli ykdysadyýetiň Ýaponiýanyň uly söwda hyzmatdaşy bolan Hytaýa garaşlylygyny azaltmak üçin hem möhümdigini aýtdy.
Ýatlap geçsek, 6-njy iýunda “Nikkei” ýapon gazeti birnäçe ýapon kompaniýalarynyň öz kärhanalarynyň şahamçalaryny pandemiýanyň esasynda önümçiligiň daşary ýurtlarda togtadylandygy sebäpli Ýaponiýa getirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. 2019-njy ýylda milli kompaniýalaryň Hytaýdan çykmagyna kömek etmegiň ýapon meýilnamasyna meňzeş meýilnamany Taýwanyň hökümeti işe girizdi.

şu gün 17:39
11

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

şu gün 15:17
950

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

06.06.2026 14:06
2.5k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.4k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....