Tramp ABŞ-da ähli ilaty maska geýmäge mejbur etmejekdigini aýtdy

  • 18.07.2020 19:00
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurtda täze koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli ýaşaýjylaryň gorag maskalaryny geýmelidigi barada düzgün girizmek niýeti ýok. Ol muny "Fox News" gazetine beren interwýusynda aýtdy, diýip, tass.ru habar berýär.

Trampa ýurduň ähli ýaşaýjylaryndan maska geýmegi talap edýän karar çykarylarmyka diýlen sowal bilen ýüzlenildi. Ol: "Ýok, men adamlaryň doly erkin bolmagyny isleýärin" – diýip jogap berdi. Soňra ol munuň zerurdygyna ynanmaýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
"Onsoňam, men her kim maska geýen bolsa, bularyň bary ýitip giderdi diýilmegi bilen ylalaşmaýaryn" - diýip, prezident şeýle çäräniň birnäçe hepdäniň içinde wirusyň ýaýramagyny düýpli haýallatjakdygy bilen bagly beýannama hakyndaky pikirini mälim etdi. Şeýle hem ol gorag maskasyny geýmegiň peýdaly-da bolsa, käbir ýaramaz netijelere hem getirip biljekdigini belläp geçdi.
Amerikan lideri, köplenç köpçülikleýin çärelere maskasyz gatnaşýandygy üçin birnäçe gezek tankyt edilipdi. Syýasy garşydaşlary Trampyň raýatlar üçin ýaramaz görelde görkezýändigini öňe sürýärler. Döwlet baştutany ABŞ-nyň ähli ýaşaýjylarynyň maska geýmelidigine ozal hem şübhe bildiripdi.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......