Türkmenistanda ÝOM-lara giriş möwsümi 21-nji awgusta çenli uzaldyldy

  • 17.07.2020 23:01
  • 23k+

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň möhleti 21-nji awgusta çenli uzaldyldy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.

Ýatladyp geçsek, mundan öň, 6-njy iýuldan 15-nji awgust aralygynda kabul ediş möwsümi yglan edilipdi. Şeýle hem giriş synaglary ýokary okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirilmelidi.
Täze kabul edilen resminama laýyklykda, giriş möwsümi 21-nji awgusta çenli tamamlanmaly, giriş synaglary bolsa welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......