Sanofi fransuz kompaniýasy COVID-19-a garşy 300 mln doza sanjymy satmak barada ylalaşmaga ýakyn

  • 14.07.2020 18:03
  • 19k+

Sanofi fransuz farmaseptika kompaniýasy Ýewropa Bileleşigi bilen COVID-19 koronawirusyna garşy täsir edip biljek 300 mln doza sanjymy ýola goýmak barada ylalaşyk gazanmaga ýakyn. Bu barada Trendiň Interfaksa salgylanmak bilen ýetirmegine görä, BFM-TW fransuz tele ýaýlymy habar berýär.

Sanofi kompaniýasynyň prezidenti Oliwýe Božiýonyň aýtmagyna görä, “ýakyn günlerde ýa-da hepdede” bu şertnama bilen bagly ähli jähtleriň ylalaşygy tamamlanar. Ol kompaniýanyň beýleki ýurtlar, şol sanda ABŞ we Beýik Britaniýa bilen hem sanjym meselesi boýunça gepleşikleri alyp barýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Biziň maksadymyz — bu sanjymyň hemmelere birwagtda iberilmegi üçin beýleki ýurtlar bilen bile işleşmek” – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýdýar.
Sanofi kompaniýasynyň iki sany dürli tehnologiýada esaslandyrylan iki sanjymy bar. ÝB bilen gepleşikler alnyp barylýan sanjymyň kliniki barlagy sentýabrda geçirilmeli. Onuň 2021-nji ýylyň başynda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Kompaniýa ýylda milliard doza çenli öndürip biljekdigini aýdýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde koronawirusa garşy, takmynan, 150 sanjym taýýarlanylýar.

05.06.2026 17:46
2.1k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......