OPEK+ nebiti gazyp almak boýunça şertnamany gözden geçirmäge taýýarlanýar

  • 13.07.2020 09:52
  • 4.2k+

OPEK+ guramanyň agzalary we hyzmatdaşlary wideoşekilde nebit şertnamasyny üýtgetmegi maslahatlaşmak isleýärler, bu barada bileleşikdäki çeşmelere salgylanmak bilen “Wall Street Journal” ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Olaryň maglumatlary boýunça, guramanyň köp agzalary, şol sanda Russiýa we Saud Arabystany awgust aýynda nebiti gazyp alyjylygy kem-kemden ýokarlandyrmak isleýärler. Ýurtlar bazaryň ýuwaş-ýuwaş dikelýändigi sebäpli şeýle ädim ätmäge taýýar. Çeşmeleriň biri Saud Arabystanynyň OPEK+ guramanyň beýleki gatnaşyjylaryna awgust aýynda bir günde 9,7 mln barrel däl-de, 7,7 mln kemeltmegi teklip etmekçi bolýandygyny aýtdy. Çünki nebitiň bahasyny saklamak üçin gazyp alyjylygy dowamly gowşatmak OPEK üçin “öz-özüne kast etmeklik” bolardy diýip, çeşme belleýär.
15-nji iýulda mejlisde oňa gatnaşyjylar häzirki paýy ýene bir aý saklamalymy ýa-da kabul edilen çäkleri 7,7 mln barrele çenli gowşatmaly diýen meseläni maslahatlaşarlar. Russiýanyň iri nebit kompaniýalary Energetika ministrligi tarapyndan hiç hili görkezme bolmasa, onda awgustda gazyp alyjylygy ýokarlandyrmaga taýýar.
OPEK guramanyň gatnaşyjylarynyň we kartela girmeýän ýurtlaryň şertnamasy 12-nji aprelde baglanyşyldy. Şertnama 1-nji maýdan güýje girdi, ol maý-iýun aýlarynda oňa gatnaşyjylaryň gazyp alyjylygy bir günde 9,7 mln barrel kemeltmegi, iýuldan başlap möçberiň kem-kemden artdyrylmagyny, ilkibaşda bir günde 7,7 mln barreli, 2021-nji ýylyň ýanwaryndan 2022-nji ýylyň apreli aralygynda bir günde 5,8 mln barreli göz öňünde tutdy. Ýöne iýunyň başynda gatnaşyjylar şertnamanyň şertlerini üýtgetdiler we hereket edýän ylalaşygy iýulyň ahyryna çenli uzaltmaga razy boldular. Şertnamanyň şertlerini doly derejede ýerine ýetirip bilmedik ýurtlar geljek üç aýyň — iýul, awgust we sentýabryň dowamynda ýerine ýetirilmedik paýyň öwezini dolmaga borçlandylar. Olaryň hatarynda Angola we Nigeriýa bar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......