Norwegiýa elektrokarlary satmak boýunça dünýä lideri boldy

  • 12.07.2020 23:55
  • 6.2k+

Şu ýylyň ýanwar-iýun aralygynda Norwegiýanyň çäginde täze döwrebap elektrokarlaryň söwdasy 48,2 göterime çenli ýokarlandy. Şonuň netijesinde döwlet häzirki günde elektrik awtolaryň satuwy boýunça öňdebaryjy orny eýeledi. Şu wagta çenli Norwegiýanyň çäginde gibrid ulag serişdeleri 69,1 göterim satyn alyndy. Bu awtomobilleriň bu klasy üçin rekord bolup durýar. Bu barada car.ru habar berýär.

Ekologiki taýdan arassa ulaglary satyn almakda döwlet bähbidiniň hasabyna, özüniň gibrid wersiýalaryny, şeýle-de elektrokarlaryny döredýän tas her bir öndüriji Norwegiýanyň awtobazarynda bolmaga çalyşýar. Şu ýylyň birinji ýarymýyllygynda Volkswagen AG awtobrendiniň ulag serişdeleri has köp meşhurlyga eýe bolmagy başardylar.

Belläp geçsek, öň, Swikkau şäherçesinde ýerleşýän Volkswagen awtokärhanasynyň hünärmenleriniň elektrik çekiş güýjünde işleýän ulag serişdelerini çykarmaga girişendikleri habar berildi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, “ýaşyl” awtomobiller biziň döwrümizde ýaş awtomobilçileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Norwegiýanyň çäginde iň meşhur ekologiki taýdan arassa awtolaryň bäşliginde birinji orny Audiniň e-Tron awtomobili eýeledi – 5 619 sany. Ikinji orunda Volkswagenden e-Golf görnüşi ýerleşdi – 3 718 sany. Üçünji orny Hyundai markasynyň Kona EV awtosyna berdiler – 2487 awto. Dördünji basgançakda Nissandan Leaf ýerleşdi. Mitsubishiden Outlander awtomobili bäşinji orunda ýerleşdi.

düýn 19:58
803

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
1.4k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
1.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
5.6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....