Hytaý awtomobillerdäki howanyň hiline talap goýýar

  • 12.07.2020 11:26
  • 12k+

Hytaý awtomobillerde howanyň hilini gowulandyrar ýaly awtoöndürijiler üçin düzgünler ýygyndysyny taýýarlaýar. Taslama sürüjileriň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Täze talaplar bilen üpjün edilme çykdajylaryň ýokarlanmagyna we elbetde, bahalaryň ýokarlanmagyna getirer. Bu barada 110km.ru habar berýär.

Dünýäniň uly awtobazarynda täze talaplaryň girizilmegi bilen, düzgüne laýyk gelmeýän ulag serişdelerini satmaklyk gadagan ediler. Howany arassalaýjy ulgam interýeri detallar bilen üpjün ediji üçin “kellagyryny döredýär”, sebäbi olar täze talaplara laýyk getirmek üçin önümlerini üýtgetmeli bolýarlar.
Daşky gurşawy goramak boýunça guramanyň hünärmenleri şeýle barlagy oýlap tapdylar. Täze awtomobillerde bazara çykmazyndan öň hökman howanyň hilini bahalandyryp başlarlar, sazlaýjylar ulag gapylary ýapyk ýagdaýda birnäçe sagat durandan soň, formaldegidden we benzoldan başlap hapalaýjylaryň derejesini barlarlar. Barlagçylar elektromagnit şöhlelenmesiniň derejesini hem barlamak isleýärler, sebäbi elektromobillerde we benzinli awtomobillerde elektron gurluşlary köp ulanylyp başlandy diýip, Reuters portaly ýazýar. Ýöne geçen ýyl Awtoöndürijileriň Hytaý assosiasiýasynyň resmi wekili şeýle şöhläniň adam üçin zyýanly däldigini aýtdy.
Häzirki wagtda Hytaý dünýä brendlerine awtomobilleri onda howa hiliniň ölçegi boýunça ýerli şahadatnamasyz satmaga rugsat berýär. 2011-nji ýylda Hytaýda ýolagçy ulag serişdeleri üçin howanyň hili boýunça maslahat berlen gollanma neşir edildi. Soňky ýyllar Hytaý awtomobilleriň şahadatnamasynyň hususy nusgalaryny taýýarlaýar we girizýär.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....