Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

  • 08.04.2026 18:35
  • 6.3k+

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa bazardaky ortaça görkezijiden ep-esli pesdir.

Deňeşdirmek üçin, adaty awtomobiller şol bir döwürde, takmynan, 40% arzanlaýar. Ýöne Toyota öz awtomobilleriniň ygtybarlylygy we ikinji derejeli bazarda islegli bolup, tiz satylýandygy sebäpli bahany durnukly saklamagy başarýar.

Iş ýüzünde ýagdaý has-da gyzykly. Bazardaky hakyky teklipler 2021-nji ýylyň modelleriniň, takmynan, 20–23 müň dollara satylýandygyny görkezýär, olaryň asyl bahasy bolsa 22 800 dollara deň. Bu bolsa gymmatyň hakyky ýitgisiniň garaşylýan derejeden hem pes bolup biljekdigini aňladýar. Onuň bäsdeşleri bolan Honda Civic we Mazda3-üň hetçbek görnüşleri has uly möçberde arzanlaýar.

Hünärmenler awtoulaglaryň bahalarynyň ortaça 40 göterim derejesinde arzanlaýandygyny çaklasalar hem, hakyky bahalar garaşylýandan ýokary bolup biler. Şeýle-de bolsa, olar durnuklylyk babatda barybir Corolla-dan yza galýar. Bu ýagdaý durnukly isleg we barlanylan çözgütler üçin pul tölemäge taýýar bolan alyjylaryň ynamy bilen düşündirilýär.

Netijede, Corolla ozal ulanylan awtomobili satyn almak isleýänler üçin iň amatly modelleriň biri bolup galýar. Bazaryň üýtgeýän wagty şeýle modeller baha taýdan alyjylar üçin durnuklylygyny saklaýar.


düýn 16:02
1.4k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.4k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

07.06.2026 16:58
2.3k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....