ABŞ-nyň hökümeti COVID-19-a garşy sanjymy taýýarlamaga $1,6 mlrd bölüp berdi

  • 08.07.2020 12:41
  • 8.7k+

Novavax amerikan kompaniýasy koronawirus infeksiýasyna garşy sanjymy taýýarlamak üçin $1,6 mlrd aldy. Bu barada news.ru habar berýär. Serişdäni ABŞ-nyň hökümeti bölüp berdi. Bu serişdeler 30 müň meýletinçiniň gatnaşmagy bilen synaglaryň üçünji tapgyryny geçirmekden başlap, kliniki işleri tamamlamaklyga hem-de enjamyň köpçülikleýin önümçiligine sarp ediler. Novavax 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 mln doza sanjymy ýola goýmaly bolar.
Bu pul “Operation Warp Speed” meýilnamasy boýunça hökümet tarapyndan COVID-19 bilen göreşe gönükdirilen iň iri pul bolup durýar. Ol sanjymy almak işini çaltlaşdyrmak we koronawirusyň öňüni almaga hem-de bejermäge ilatyň köpçülikleýin elýeterliligini üpjün etmek üçin Donald Trampyň edarasy tarapyndan döredilen. Bu dermany adamlarda synagdan geçirmegiň birinji tapgyry Melburnda maý aýynda başlady. Onuň deslapky netijeleri iýul aýynda neşir ediler diýlip, Novavax kompaniýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.
Öň, koronawirusa garşy sanjymyň birinji synagy Günorta Afrika Respublikasynda başlady. Barlaga iki müň meýletinçi gatnaşýar. Sanjym britan Oksford uniwersitetiniň AstraZeneca farmasewtika korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygynda taýýarlanyldy.
Ýatlap geçsek, geçen hepde BSGG-niň ýolbaşçysy häzir dünýäde koronawirusa garşy 141 sanjymyň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Sanjymyň prototipi birnäçe aýdan peýda bolar, sebäbi käbir barlaglar “eýýäm üstünlige ýakyn”.

düýn 11:31
3.4k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......