Ýaponiýanyň awtobazary iýunda 27% pese düşdi

  • 07.07.2020 14:43
  • 7.8k+

Ýaponiýanyň awtobazary iýunda 26,6%, ýagny hereketlendirijisi 660 kub.sm çenli göwrümli mini-karlary hasaba almazdan, 182128 ulaga çenli pese düşdi. Awtodilerleriň ýapon assosiasiýasynyň (JADA) maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylyň alty aýynda Günüň dogýan ýurdunda awtomobilleriň satuwy 1 mln 198 müň 424 ulaga (-19,9%) barabar boldy, muny autostat.ru ýetirýär.
Awtodilerleriň ýapon assosiasiýasynyň maglumatlary boýunça (JADA) geçen aýda liderligi Toyota saklaýar, onuň satuwy 22,5%, ýagny 89113 awtomobile çenli peseldi. Satuwyň göwrümi boýunça ikinji orny 24678 ulag (-30,4%) görkezijisi bilen Honda eýeleýär. Liderleriň üçlügini 16316 awtomobil (-40,3%) satan Nissan jemleýär.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň maýynda ýapon dilerleri 123 781 sany täze ýeňil awtomobilleri satdylar (motory 660 kub. sm çenli göwrümli mini-karlary hasaplamazdan). Bu geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 41,8% azdyr.

şu gün 16:59
634

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....

04.04.2026 21:33
3.5k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

04.04.2026 13:20
1.8k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

03.04.2026 14:50
3.2k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....