Şu ýyl Türkmenistanda 14 müň 337 dalaşgär talyp bolar: geçen ýylkydan 2 müň 95 adam köp

  • 07.07.2020 10:46
  • 16k+

Türkmenistanda ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilip başlandy. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 14 müň 337 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2 müň 95 adam köpdür. Şeýle hem, şu möwsümde 9 müň 490 okuwçy orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine ýurdumyzyň welaýatlary we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasy Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanyldy.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy. Ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň geçişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şeýle hem ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça okuwlar ýokary derejede guralar.
Synaglar 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa, 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar. Şeýle hem maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda geçiriler.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......