NASA birinji gezek asteroidiň ugruna täsirini ýetirer

  • 06.07.2020 06:46
  • 4.4k+

NASA Ýeriň asteroid howpundan howpsuzlygy üçin esasy ädim bolup biljek synagy geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ufatime.ru habar berýär.
Häzirki günde birnäçe usullardan hünärmenler Ýere howp salyp biljek kosmiki “myhmanyň” orbitasyny üýtgetmegi iň netijelisi diýip hasaplaýarlar. Alymlar Didimos uly asteroidiň daşyndan aýlanýan Dimorphos meteoritini (ini 160 metr) maksat hökmünde aldylar. Onuň aýlanma döwri 12 sagada barabar. Ýöne DART enjamynyň asman jisiminiň üstüne mejbury gonuşynyň kömegi bilen bu wagty 10 – 20 minut kemeltmek meýilleşdirilýär. Şeýle usul bilen NASA garaşylmadyk hadysalaryň ýüze çykmak howpuny azaldar.
2021-nji ýylyň iýulynda NASA 2022-nji ýylyň sentýabrynda Dimorphos bilen çaknyşjak DART enjamyny goýberer. Ähli hadysalar biziň planetamyzdan, takmynan, 11 million kilometrlikde bolup geçer. Urgy Dimorphos meteoritini Didimosyň töweregindäki dar orbita tarap süýşürmeli diýip, “Rus gazeti” ýazýar.
Alymlar teleskopuň kömegi bilen bolup geçýän zatlara Ýerden syn ederler, Ýewropanyň kosmiki agentliginiň barlag geçirijileri bolsa asteroidiň dogry hereket edýändigine we hünärmenleriň hasabyna göz ýetirmek üçin 2024-nji ýylda Dimorphosa Hera zonduny ibererler. Tejribe üstünlikli geçen ýagdaýynda barlag geçirijiler asteroid howpy bilen göreşmek üçin hut şeýle usuldan peýdalanyp bilerler.

düýn 23:19
1.1k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
2.7k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......

düýn 15:24
3.3k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......

düýn 14:52
5.1k+

Sibirde 24 müň ýyl bäri doňup duran jandar gaýtadan janlandyryldy

Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar....