Goldman Sachs: “Nebite bolan isleg 2022-nji ýyla çenli dikeler”

  • 05.07.2020 20:48
  • 2.8k+

Nebite bolan isleg şu ýylda pese gaçmasyny dowam etdirer, ýylyň jemi boýunça pese gaçyş 8%-e barabar bolar. Indiki ýylda isleg 6% dikeler, ýene bir ýyldan bolsa ol çökgünlikden öňki derejesine ýeter diýip, Goldman Sachs bankynyň analitikleri belleýärler. Iýun aýynda nebite bolan isleg geçen ýylky derejesinden 12% pes boldy. Bu barada if24.ru habar berýär.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, dizel ýangyjyna bolan isleg infrastruktura çykdajylaryň ösmegi arkaly dikeler. Ýöne awiaýangyç babatda mesele kynrak bolar, sebäbi adamlaryň sanjym ýüze çykýança uçuşlardan saklanmagy mümkin. Howa ýollary ulagynyň halkara assosiasiýasynda (IATA) 2019-njy ýylda şeýle ýangyja islegiň 350 mlrd litr töweregine (bir gije-gündizde 6 mln barrel töweregi) barabar bolandygyny ýatlap geçýärler, bu ýylda ol 220 mlrd litra barabar bolar. Indiki ýylda dikeliş mümkin bolar, ýöne ýylyň jemi boýunça isleg 300 mlrd litrden ýokary geçmez.
Ykdysadyýetçiler islegiň ösüşini hasaplamakda ykdysady görkezijileriň, demografiýanyň we nebitiň bahasynyň göz öňünde tutulandygyny bellediler. Şeýle-de, hünärmenler ýangyja bolan islegiň koronawirus bilen bagly çäklendirmeler ýatyrylandan soň ösüp başlandygyny belleýärler. Ýöne eger-de ikinji tolkun başlansa, onda bu ösüş ýene-de bozular. 
Koronawirus pandemiýasy nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar (NGIK) üçin synag boldy. Goldman Sachs analitikleri NGIK üçin çylşyrymly wagt geldi diýip pikir edýärler: 2019-njy ýyldaky derejesine diňe 2022-nji ýyla çenli dolanjak islegiň pes bolan wagtynda bazarda has ýokary önümçilik kuwwatlyklary peýda bolar. GS-da 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyllar aralygynda NGIK-yň birnäçe mega-taslamalarynyň işe giriziljekdigine üns berýärler. 

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......