Türkmen talyby "Instagramyň" kemçiligini ýüze çykardy

  • 01.07.2020 16:18
  • 21k+

Türkiýäniň Kastamonu uniwersitetiniň matematika fakultetiniň türkmenistanly talyby Almaz Seýidow meşhur "Instagram" sosial ulgamynda kemçilik ýüze çykardy. Bu barada türk metbugatyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.
22 ýaşly Almaz Seýidow “Haberlisin.com”-yň onlaýn neşirine "Instagram" programmasynda nähili ýalňyşlyklary tapandygyny, olaryň haýal etmän düzedilmelidigini aýtdy.
Almaz öz ýüze çykaran kemçiligi barada düşündirip: “Sosial ulgamlaryň hasaplarynda howpsuzlyk bilen bagly ýalňyşlygyň ýüze çykandygyny gördüm we gözleg işlerine başladym. Gözleglerimiň netijesinde "üstüni açan" kemçiligimi subut etmek üçin meşhur futbolçy Miralem Pýaniçiň "Instagram" hasabyna girdim we şol ýerde halaýan birnäçe suratymy belledim. Şonuň üçin ýüze çykarylan howpsuzlyk ýalňyşlygyny subut edip bilerin öýdüpdim".
Almaz degişmek üçin käwagt "Instagramda" türk şou-biznesiniň we dünýä futbol ýyldyzlarynyň meşhur şahsyýetleriniň hasaplaryndan göni ýaýlyma çykýandygyny, ýöne diňe güýmenmek we "Instagramyň" gowşak goragyny görkezmek üçin şeýdýändigini aýtdy. Ol beýle hereketlerinde meşhur internet programmalary ulgamynda howpsuzlyk meselesiniň bardygyny görkezmekden başga hiç hili niýetleriniň bolmandygyny düşündirýär.
“Bu howpsuzlyk näsazlygy we gowşak goraglylyk, mümkin boldugyça, gysga wagtda düzedilmelidir. Erbet adamlaryň eline düşse, olary dürli maksat bilen ulanyp bilerler. Mundan bir aý öň “Apple” ulgamynda ýalňyşlyk tapypdym. Bu barada derrew Apple bilen habarlaşdym we olar näsazlygy düzetdiler. Indi, meniň pikirimçe, Instagram hem bu kemçiligi aradan aýyrmaly we degişli çäreleri görmeli" diýip, Almaz belleýär.

düýn 20:58
4.9k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

düýn 16:47
744

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

düýn 16:06
2.6k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...

düýn 15:50
1.3k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...