ÝUNFPA pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky çäreleri dogry hasaplaýar

  • 01.07.2020 03:54
  • 6.9k+

Natalia Kanem milli saglygy goraýyş syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin bilelikdäki ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriniň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Hanym Kanem pandemiýa şertlerinde bu ulgama ýokary derejede üns berilmeginiň we uly möçberli maýa goýumlarynyň goýberilmeginiň dogrudygyny belleýär. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda nygtaýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi.
Türkmenistan enäniň ölümi we kesellemegi babatynda soňky alnan netijeler bilen baglylykda, Ilat gaznasynyň baştutanyny gyzyklandyrdy, şol netijeler boýunça görkezijiler Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde iň pes görkezijilerdir.
Ol öz tarapyndan, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitlerini berkitmäge goldaw bermäge taýýardygyny Türkmenistanyň Baştutanyny ynandyrdy.
BMG-niň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky maksatnamasyny hemişe goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......