ABŞ-da koronawirus alamatlarynyň sanawynyň üstüni ýetirdiler

  • 27.06.2020 16:42
  • 12k+

Koronawirus alamatlarynyň sanawynyň üsti ýetirildi. Bu barada kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça federal merkezde habar berdiler, muny pravda.ru ýetirýär. Ýagny, amerikan hünärmenleri COVID-19-yň ýüze çykyş sanawyna diareýany, ýürek bulanmany, dümewi we burun dykylmasyny girizdiler. Öň koronawirusyň alamatlary diýlip, ýokary temperatura, dem almanyň kynlaşmasy, kellagyry, ys alyş we tagam biliş duýgusynyň ýitmegi, bokurdagyň gijelemesi, çalt ýadamaklyk we myşsalaryň agyrmagy hasaba alynýardy. 
“Bu sanaw hem ähli mümkin bolan alamatlary öz içine almaýar. Keseliň alamatlary kesel degenden soň ilkinji iki hepdede ýüze çykýar” – diýip, TASS hünärmenleriň sözlerini getirýär. Bu maglumatlar koronawirus barada täze maglumatlaryň ýüze çykmagy bilen täzelenip durlar.
Öň, “Plos one” lukmançylyk žurnalynda neşir edilen, Beýik Britaniýada Lids uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan barlag işine laýyklykda, keseliň giňden ýaýran alamatlaryna şular degişli – temperatura, üsgülewük, ýokary ýadawlyk, ysyň ýitmegi we dem almanyň kynlaşmasy.
Alymlar keseliň alamatlarynyň ýüze çykýan ýerine baglylykda tapawutlanyp bilýändigini belleýärler. Meselem, ýokary temperatura Singapurda kesellänleriň 72%-inde, Günorta Koreýada bolsa 32%-inde bellige alyndy. Üsgülewük Niderlandiýada syrkawlaryň 72%-inde, Günorta Koreýada 18%-inde ýüze çykaryldy. Hünärmenler täze wirusyň aýratynlygyny we onuň adam organizmine täsirini öwrenmegi dowam etdirýärler. 

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......