Britan alymlary yssy we sowuk howa üçin uýgunlaşýan eşigi döretdiler

  • 26.06.2020 11:27
  • 4.5k+

Mançester uniwersitetiniň alymlary aýazly howada gyzdyryp, yssy howada sowadyp biljek “akylly” matany döretdiler. Materialyň esasyna grafen girdi diýlip, University of Manchester saýtynda habar berilýär, muny mir24.tv ýetirýär.
Hünärmenler düzümine grafen girýän ýörite matany döretdiler. Onuň gowşak elektrik togy berlende infragyzyl şöhlesiniň geçirijiliginiň görkezijisini üýtgetme häsiýeti bar. Bu ukyby alymlar tejribe maksatlary üçin ulanmak kararyna geldiler. “Akylly” mata infragyzyl şöhlesini bloklap ýa-da ony arkaýyn goýberip bilýär. Şeýlelik bilen, eşigiň temperatura görkezijisini sazlamak bolýar.
Ilkibaşda bu pikir harby maksatlar üçin döredilipdi. Hünärmenler esgerleri teplowizorlardan gizläp biljek eşigi döretmegi meýilleşdirdiler. Ýöne şeýle usul bilen material diňe ýylylygy ýygnaýardy, ony bolsa çykarmak gerek. Netijede, alymlar özüni gapma-garşy temperaturalarda birmeňzeş gowy görkezip biljek eşigi döretmek kararyna geldiler.
Britaniýalylar eýýäm matanyň bedeni gyzdyryp we sowadyp bilijilik ukybyny görkezýän futbolkanyň prototipini döretdiler. Ýöne alymlar munuň bilen çäklenmek islemeýärler. Geljekde olar bu tehnologiýanyň esasynda kosmiki hemralar üçin örtük döretmegi meýilleşdirýärler.
Ýatlap geçsek, aprelde hytaý alymlary yssyda we sowukda adamyň bedeniniň oňaýly temperaturasyny saklamaga ukyply bolan matany hödürlediler. Onuň adaptiw materialynyň düzümine ýüpekden ýüplük we hitozan girýär.

düýn 22:33
3.7k+

Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy...

düýn 17:42
2.5k+

Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletini uzaldýan plýonka oýlanyp tapyldy

Öz üstündäki mikroplaryň tas 100 göterimini ýok etmäge ukyply, azyk önümlerini gaplamak üçin niýetlenen innowasion material döredildi. Bu täzelik önümleriň saklanyş möhletini artdyrmaga we iýmitden zäherlenmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer diýip, Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) saýtynda habar berilýär...

düýn 02:25
4.1k+

Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar

Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler...

düýn 00:23
4.3k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy...