Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 26.06.2020 07:17
  • 26k+

25-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň döremeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda gutardyş synaglary dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzda degişli düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, olarda taýýarlanýan hünärmenleriň bilim we hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, milli Liderimiz birnäçe hünärler boýunça täze ugurlary girizmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek ýaşlaryň sanawyny kesgitlemek we bu ugur boýunça degişli tertipnamany taýýarlamak meselelerini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow häzirki döwürde ýurdumyzyň bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlise hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ilatymyzyň saglygyny goramaga, halkara ykdysady ulgamyň ýurdumyzyň ýagdaýyna bolan ýaramaz täsirini peseltmäge, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen anyk işler durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

şu gün 14:27
330

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

şu gün 00:27
5.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 16:36
3.2k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...