Türkmenistan enäniň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy döwlet — BMG

  • 26.06.2020 06:03
  • 11k+

Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar ediilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir.
Belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow enäniň we çagalaryň saglygynyň berkidilmeginde durmuş goldawynyň wajypdygyny belläp, «Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýetimiz şonça baý bolar» diýip nygtady. Bu ýerde gürrüň mümkin bolan ýeňillikler ulgamyny işläp taýýarlamak, şol sanda çagany dünýä inderýän eneleri höweslendirmek, kömek pullarynyň möçberini artdyrmak we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny işjeňleşdirmek hakynda barýar.
Göwreli eneleri işinden boşatmak, gijeki ýa-da möhletinden artyk işlere çekmek zähmet kanunçylygy tarapyndan gadagan edilýär. Şeýle hem köp çagaly enelere işiň ýeňilräk görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň iş tertipnamasy doly bolmadyk iş güni we beýleki hukuk kepillikleri, köp çagaly eneleriň durmuş goraglylygy üpjün edilýär. Munuň özi çagaly enelere nesil terbiýesi üçin wagtyň döremegini şertlendirýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......