Türkmenistanyň DIM-i häzirki wagtda daşary ýurtda bolýan türkmenistanlylar üçin maglumat neşir etdi

  • 26.06.2020 01:05
  • 15k+

Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.
Arza ýazýan raýatyň şahadatnamany almak üçin ýüz tutanda zerur resminamalaryň sanawyny şu salgydan görüp bilersiňiz.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......