R.Meredow müsürli kärdeşi bilen pandemiýanyň zyýanly täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 25.06.2020 23:42
  • 7.3k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky onlaýn görnüşinde geňeşmeleri geçirmekligiň zerurlygyny bellediler.
KOWID-19 pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu dörän ýagdaýyň çözülmegi ugrunda gerek bolan ähli ylmy, maliýe we beýleki serişdeleriň ulanylmagynyň zerurlygy bellenildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini üpjün etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......