Türkmenistanda galla oragy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetiren etraplaryň sany artýar

  • 25.06.2020 23:07
  • 4k+

Ahal welaýatynda Tejen etraby şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Bu ýerde guşgursak bugdaýyň 86 müň tonnadan gowragy ýygnaldy.
Welaýatda jemi 200 müň gektara golaý meýdanda güýzlük bugdaýyň ekilendigini bellemelidiris. Galla oragynyň ýokary depgini öňde goýlan maksada ýetiljekdigine –welaýat boýunça döwlete saýlama “ak bugdaýyň” 400 müň tonnasynyň tabşyryljakdygyna ynam döredýär.
Mary welaýatynyň iň gowy kärendeçileriniň ýüzlerçesi bol hasyl ýetişdirip, özleriniň ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamladylar. Baýramaly etrabynda Watanymyzyň uly harmanyna ýokary hilli bugdaýyň 39 müň tonna golaýy, Türkmengala etrabyndan 31 müň 100 tonnadan gowragy, Oguzhan etrabyndan bolsa, ak bugdaýyň 30 müň tonnadan gowragy ugradyldy.
Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynda hem galla oragy gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz dowam edýär. Şol ýerde daýhan hojalyklaryň köpüsi şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Kerki etrabynda 20 müň 500 tonnadan gowrak, Darganata etrabynda 5 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlanyldy.
24-nji iýunda ýedi etrabyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada milli Liderimize hasabat berendigini ýatlatmalydyrys.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......