Ýewropanyň nebit ýetmezçiligi bilen çaknyşmagy mümkin

  • 25.06.2020 22:47
  • 2.3k+

Ýewropa geljek on ýylyň içinde nebit ýetmezçiligi bilen çaknyşyp biler, bu barada “The Guardian” gazeti Shift Project analitik merkeziniň derňewine salgylanmak bilen ýazýar. Fransuz merkezi öz çaklamasyny Norwegiýanyň Rystad Energy konsalting kompaniýasynyň maglumatlary esasynda öňe sürdi. Bu barada lenta.ru habar berýär.
Onda nebitiň gazylyp alynmasynyň Ýewropa Bileleşiginiň gazylyp alynýan ýangyja garaşlylygyny ýeňip geçýänçä, örän çalt kemeljekdigi aýdylýar. Bu çökgünligiň döremek howpuny güýçlendirýär we bahalaryň geň galdyryjy ýagdaýda ösmegi bilen gorkuzýar. Hünärmenler Russiýada we SSSR-iň ozalky respublikalarynda “ulgamlaýyn pese düşme” aňlatmasy bilen gazyp alýan pudagyň ýagdaýyny häsiýetlendirýärler. Olar ÝB-ny çig mal bilen üpjünçiligiň 40 göteriminden gowragyny üpjün edýär.
Afrikada hem geljek on ýylyň içinde nebitiň gazylyp alynmasynyň birden peselmegine garaşylýar. Koronawirus pandemiýasy täze nebit taslamalaryna maýa goýujylygy togtatmak bilen, bazarda ýagdaýy ýaramazlaşdyryp biler. Iri kompaniýalaryň geljek ýyl üçin çykdajylaryny tas çärýek (40 milliard dollar) kemeltmegine garaşylýar.
Analitikler alternatiw energiýa göterijilere çalt geçmegiň diňe bir klimatyň üýtgemegine garşy göreşde aýgytlaýjy rol oýnaman, eýsem, ösüp barýan bazarlarda peselmekden gaçmaga kömek eder diýip hasaplaýarlar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......