Ýewropada täze awtomobilleriň satuwy pese gaçdy

  • 24.06.2020 23:58
  • 5.6k+

Ýewropa awtosenagatyna dikelmek üçin heniz köp wagt gerek. Maý aýynda ýeňil awtomobilleriň satuwy Ýewropada ýene bir pese gaçyşy başdan geçirdi. Köp ýurtlarda koronawirus sebäpli girizilen çäklendiriji çäreleriň gowşadylandygyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginde satylan täze ulaglaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 52 göterimden gowrak kemeldi. Bu barada Euronews habar berýär. Maý görkezijileriniň aprel aýyndakylardan gowudygyna garamazdan, ýagdaýyň doly derejede düzelmegi heniz uzakda. Konweýerden çykan awtomobilleriň satuwynyň ýokary pese gaçyşy Ispaniýada bellige alyndy, ýagny minus 72%. Fransiýada görkeziji 50% peseldi. Italiýada we Germaniýada 49%.
Öndürijiler barada aýdylanda, BMW Group awtoöndürijisiniň maý aýy boýunça satuwy 50% kemeldi. PSA Group awtomobil gurluşyk kompaniýasynda hem uly otrisatel ösüş bellige alyndy (-56,4%). Renault fransuz awtoöndürijisi satuwyň 52,5% pese düşmegini bellige aldy. Şeýle görkezijiler Volkswagen kompaniýasyna hem degişli.
Koronawirus pandemiýasy başlanyndan bäri Ýewropa awtosenagatynyň wekilleri onlarça müň işgärleriň işden çykarylýandygy barada mälim etdiler. Maýyň ahyrynda Renault kompaniýasynyň ýolbaşçylygy tutuş dünýä boýunça 15 müň iş ornuny kemeltmek bilen bagly meýilnamasy barada habar berdi. Çözgüt iki milliard ýewrony tygşytlamak boýunça meýilnamanyň çäklerinde kabul edildi. Kompaniýada düzüm üýtgeşmeleriniň ýuwaş-ýuwaşdan meýletin işden çykma arkaly, täze hünär öwretme ýoly ýa-da adamlary başga wezipelere geçirmek ýoly bilen amala aşyryljakdygy bellenildi. Iýunyň başynda Renault 5 milliard möçberde karz almak maksady bilen döwlet bilen şertnama baglanyşdy.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....