Tesla müşderileri üçin täze çäklendirmeleri girizýär

  • 24.06.2020 23:10
  • 3.4k+

Amerikan kompaniýasy öň satyn alnan ekzemplýarlary yzyna gaýtarýan müşderilere Tesla Model Y täze krossoweri satyn almaga mümkinçilik bermez. Şertnamanyň täze punktyna üns beren “Auto Motor und Sport” nemes neşiriniň habar bermegine görä, haýsy hem bolsa bir sebäp bilen öň alnan awtomobili Tesla awtoöndürijisine yzyna beren adam 12 aýyň içinde täze Model Y awtomobilini satyn alyp bilmez.
Kompaniýada Tesla Model Y awtomobiline islegiň ýokarydygy üçin şeýle çäklendirmelere ýol bermeli bolýandygyny bellediler. Mundan başga-da, nägile bolan alyjy brak ýa-da döwük elektrik krossowerini täzesine çalşyryp bilmez, oňa diňe puly gaýtarylyp beriler.
Çäklendirme markanyň beýleki awtomobillerine-de ýaýradylýar. Meselem, elektrokary yzyna berýän wagtlary onuň eýesini aldawçylykda tutsalar, onda oňa Teslanyň diler merkezlerine 1 ýylyň dowamynda barmaklyk gadagan ediler. Bu howply müşderileriň girýän markanyň hususy diler torlary we bitewi bazasy arkaly mümkin bolýar.
Öň, speedme.ru neşiri Tesla amerikan awtoöndürijisiniň Tesla Model Y täze elektrokaryň önümçiliginde birnäçe näsazlyklar bilen çaknyşandygyny ýazdy. Meselem, köplenç ulaglaryň ýaramaz hilli ýygnalmagy, awtomobilleriň satyn alyjylara gowuşmagynda gijä galmalar ýaly kemçilikler we beýleki önümçilik kemçilikleri duşýar. Alyjylaryň çaknyşan näsazlyklarynyň arasynda howpsuzlyk kemerleriniň we yzky hataryň oturgyjynyň berkidilmezligi agzalýar.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....