Türkmenistan we Aziýa ösüş banky CОVID-19-yň ykdysadyýete täsirini peseltmegiň ýollaryny maslahatlaşdy

  • 24.06.2020 11:25
  • 11k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, CОVID-19-yň durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna üns çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda hem-de tutuş sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça hereketleri nygtalyp geçildi. Bu barada taraplar 23-nji iýunda geçiren duşuşygynda bellediler.
Gepleşikleriň barşynda geljegi täze taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň meselelerine seredilip geçildi.
Mundan başga-da taraplar iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara hem giňişleýin seredip geçdiler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......