Braziliýada koronawirusy ses boýunça ýüze çykarmagy öwrenýärler

  • 23.06.2020 23:07
  • 7.1k+

Braziliýada Spira taslamasy (“dem al” ýa-da “ýaşa”) işe başlady, onuň awtorlary sözleýşi analiz etmegiň esasynda koronawirus üçin häsiýetli bolan dem alyş näsazlyklaryny ýüze çykaryjy ulgamy döretmek bilen meşgullanýarlar. San-Paulu ştatynyň uniwersitetiniň alymlarynyň pikirleri barada “Rus gazeti” neşiri ýazýar. Bu barada planet-today.ru habar berýär.
San-Paulu uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň garamagyndaky klinikanyň işgärleri, şeýle-de ýokary okuw jaýynyň garamagynda hereket edýän matematika we statistika institutynyň hünärmenleri COVID-19-yň irki tapgyrynda dem alşyň näsazlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek ulgamyň üstünde işleýärler. Döredilýän ulgam sesiň analizinde esaslandyrylan, alymlar koronawirusda dem alyş ýetmezçiliginiň netijesinde bolup geçýän gepleýiş endigindäki üýtgeşmelere üns berdiler. Koronawirus bilen kesellänleriň sesi sagdyn adamlaryňkydan tapawutlanýar eken.
“Ideýa örän ýönekeý. Ulgam, meselem, telefon boýunça gürleşilende ýazylan adamyň sözleýşini seljerýär we gyssagly lukmançylyk kömeginiň zerurlygyny görkezýän dem alyş näsazlygyny ýüze çykarýar” – diýip, Spira taslamasynyň awtorlarynyň biri Marselo Finjer gürrüň berýär.
Ulgam taýýarlanylan wagtynda alymlar San-Paulu uniwersitetindäki klinikada bejergi alýan, COVID-19-ly adamlardan ýazdyrylyp alnan sözleýiş nusgalaryny seljerdiler. Emeli intellekte ýakyn algoritmler bilen geçirilen analiz indi koronawirusly kesellilerden dem alyş bilen bagly näsazlyklary ýüze çykarmak üçin ulanyp boljak maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
Braziliýanyň saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, geçen gije-gündizde koronawirus bilen 21,4 müň adam keselledi, 654 adam ýogaldy. Braziliýada koronawirus jemi 1,1 mln adamda ýüze çykaryldy, 572 müň adam sagaldy, 51 müň adam ýogaldy.

düýn 20:58
4.6k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

düýn 16:47
725

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

düýn 16:06
2.6k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...

düýn 15:50
1.3k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...