Türkmenistanda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça işler alnyp barylýar

  • 21.06.2020 23:09
  • 11k+

Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer P.Agamyradow Hökümet mejlisinde habar berdi.
Döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzak aralykdan okatmak işleri ýola goýuldy we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mümkin bolan ylmy maslahatlar geçirilýär. Häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär.
Ýurdumyzda toplanan milli tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak teklip edilýär.
Ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärler öz ugry boýunça ýokary hünär bilimini alarlar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullary giňden peýdalanylar.
Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza bilim edaralarynda uzak aralykdan bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegine mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ulanmak boýunça döwrebap düzgünnamalary taýýarlamak hem-de olary girizmek meýilleşdirilýär.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......