Ulag-aragatnaşyk pudagynyň guramalarynyň ätiýaçlyk serişdelerini has netijeli ulanmak teklip edildi

  • 21.06.2020 23:06
  • 5.6k+

Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bu toplumyň degişli edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Seljermäniň esasynda bu pudagyň guramalarynyň birnäçesiniň ätiýaçlyk serişdelerini has netijeli ulanmak teklip edildi. Bu barada Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde hojalyk işini guramagyň barha köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Şolar dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýa has uýgunlaşandyr. Döwlet Baştutany kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kadalaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere hödürlenen teklipler bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......