Ford 2021-nji ýyla çenli awtonom dolandyrylyşy işe girizer

  • 20.06.2020 22:37
  • 2.1k+

Ford kompaniýasy özüniň Active Drive Assist (ADA) täze awtonom ulgamynyň 2021-nji ýyla çenli peýda boljakdygyny we Mustang Mach-E modelinde görkeziljekdigini, soňra onuň 2021-nji ýylyň beýleki käbir önümlerinde peýda boljakdygyny habar berdi. Bu barada 32cars.ru habar berýär.
Active Drive Assist – düzümine Demirgazyk Amerikanyň ýollarynda sürüjileriň howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenilen ulgamlaryň giň sanawy girýän Co-Pilot 360 tehnologiýalar maşgalasynyň “dür dänesi”.
Active Drive Assist – iki tapgyrly hadysa. Birinjiden, Mach-E modelini sargyt edýän müşderiler ADA enjamlarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän we awtomobiliň ikisi hem işe girizilende elýeterli boljak taýýarlaýjy-kärhanada gurnalan Active 2.0 taýýarlama paketini saýlamaly bolarlar. 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ford ADA-nyň işlemegi üçin programma üpjünçiligini satyp başlar, alyjylar ony kompaniýanyň ýerli dilerlerine baryp gurnap bilerler ýa-da simsiz aragatnaşyk arkaly täzeläp bilerler. Bu müşderileriň aýratyn iki harydy satyn almalydygyny aňladýar.
Oturdylandan soň, ADA Super Cruise ýaly işlär. Awtomobil awtonom dolanyşygy amala aşyrmak üçin daşky datçikleriň birleşmesini we karta girizilen ýol böleklerini ulanar. Super Cruise Cadillac ýaly Active Drive Assist hem Mach-E modeliniň eýelerine el kömegini ulanmazdan 160 müň kilometri geçmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Ford ADA ulgamyny peýdalanmak üçin Kanadada we 50 ştatyň hemmesinde 161 müň kilometrden gowrak ýoly ulandy.
Gözegçiligi alyp barmagy ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda Ford ulag eýeleriniň awtomobiliň kontrollygyndan uzak wagtlaýyn ünsüni sowmazlygyna-da gözegçilik edýär. ADA-nyň ýüregi sürüjä gönükdirilen, sürüjiniň ýola üns berýändigine doly göz ýetirmek üçin onuň gözüni we kellesiniň duruş ýagdaýyny kontrollykda saklaýan infragyzyl kamera hasaplanylýar. Ulgam sürüji äýnek/günden goraýjy äýnek ýa-da gorag maskasyny dakynan ýagdaýynda hem işleýär.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....