Bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi

  • 19.06.2020 23:14
  • 5.5k+

19-njy iýunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi boldy. Oňa iki ýurduň esasy pudaklarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady, maliýe-bank we nebitgaz toplumlarynda, elektroenergetika, himiýa senagatynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda we başga-da birnäçe pudaklarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, telekeçilik ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlar hökmünde görkezildi.
Türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda täze hil we mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň, şol sanda ýokançly keselleriň öňüni almak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, ählumumy koronowirus pandemiýasy bilen baglylykda görlen çäreleriň derwaýysdygy we netijelidigi bellenildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......