Türkmenistanyň goranmak ministri RF-iň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar

  • 19.06.2020 22:36
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23 — 24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Belläp geçsek, Beýik Ýeňşiň ýubileý senesi üçin geçirilýän dabaraly harby ýörişe Türkmenistandan 70 harby wekilden başga-da, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan we Özbegistandan harby işgärler gatnaşar.
Dabaraly harby ýöriş 24-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlar. Bu barada harby ýörişiň serkerdesi goşun generaly Oleg Salýukow habar berýär.
Baýramçylyk ýörişine 13 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagyna garaşylýar, 234 sany ýerüsti harby enjamlar gatnaşar. Bu taryhy taýdan alanyňda, örän uly görkezijidir.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ozal epidemiologik ýagdaý bilen baglanyşykly Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişi yza süýşüripdi.
Beýik Ýeňiş mynasybetli ilkinji dabaraly harby ýöriş 1945-nji ýylyň 24-nji iýunda Gyzyl meýdançada geçirilipdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......