Türkmenistanyň Mejlisiniň 20-nji iýunda bellenen maslahaty gaýra süýşürildi

  • 19.06.2020 22:28
  • 5.3k+

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň dowamynda häzirki wagtda Mejlisde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen kanunlaryň taslamalarynyň, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça taslamalaryň 32-siniň taýýarlanylandygyny habar berdi. G.Mämmedowa taýýarlanylan kada-kanunlaryň sanynyň köpdügi hem-de olar barada teklipleriň, seslenmeleriň gelip gowuşýandygy bilen baglylykda, kanunlaryň üstünde işlemegi dowam etdirip, Mejlisiň 20-nji iýunda bellenen maslahatyny gaýra süýşürip, kanunlaryň taslamalaryna indiki maslahatlarda seretmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow gelip gowuşýan teklipleriň hemmesiniň düýpli öwrenilmeginiň wajypdygyny hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak hem-de ony Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde garamaga bermek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýerlerde jemgyýetçilik köpçüligi bilen duşuşyklary gurap, amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ähmiýetini giňden açyp görkezmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine giriziljek meseleleriň ähmiýetine ünsi çekip, ähli resminamalaryň we olar boýunça kabul ediljek çözgütleriň netijeli işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......